20/08/2026
29
Dünýäniň nazary ahalteke bedewinde!
Müňýyllyklardan gözbaş alýan şan-şöhratly taryhymyzda bedewler halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, erkinlige bolan ymtylyşynyň, gözelliginiň we mertebesiniň aýrylmaz nyşany hasaplanypdyr. Häzirki döwürde bolsa ol türkmen döwletliliginiň, milli buýsanjyň we döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýany hökmünde dünýä ýüzünde meşhurdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilmegi hem atçylyk sungatyna bolan aýratyn hormatyň nyşanydyr. Şanly ýylyň şygary dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan özboluşly mirasymyzy wagyz etmekde täze sahypany açdy. Şu ýylda meýilleşdirilýän halkara çäreler medeni we sport diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek bilen, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy berkitmegi ugur edinýär.
Şu günler dünýäniň nazary türkmen bedewlerine, has takygy, ahalteke atlaryna gönükýär. Çünki 4 — 6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Bu halkara çäreleriň geçiriljek ýeri hökmünde Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» halkara atçylyk sport merkezi saýlanyldy. Ýewropanyň öňdebaryjy atçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan bu ýerde halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Şanly ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde bu merkez dünýäniň dürli kün-jeklerinden hünärmenleri, atşynaslary, alymlary, sport türgenlerini we medeniýet wekillerini bir ýere jemlär. Şeýlelikde, «Pilbergen» birnäçe günüň dowamynda dünýä ahalteke atçylygynyň merkezine öwrüler. Internet maglumatlaryna görä, bu ýerde ýylyň dowamynda milli we halkara derejede iri atçylyk ýaryşlarynyň 50-ä golaýy geçirilýär. Olara dünýäniň 40 töweregi ýurdundan 34 müňden gowrak adam baryp görýär.
Türkmen bedewi halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli buýsanjynyň we ruhy-medeni gymmatlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Uçmaha meňzeş bedewlerimiziň waspy ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, nesilden-nesle geçirip gelen nakyllarynda, aýtgylarynda giňden öz be-ýanyny tapypdyr. «At — myrat», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «At dosty — ata dosty», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol» diýen pähimler bedewlere bolan çuňňur hormatyň hemişe mö-hüm orun eýeländigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ahalteke atçylyk sungatynyň hem-de atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany boldy. Bu möhüm waka behişdi bedewlerimiziň dünýä medeni giňişligindäki abraýyny has-da belende göterdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň bedewlere bolan çäksiz söýgüsiniň aýdyň beýanydyr. Şu ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwaly türkmen milli at üstündäki oýunlar sungatynyň dünýä derejesindäki ornuny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Halkara ähmiýetli bu sungat baýramçylygynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy aýratyn bellenilip, Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk asso-siasiýasy tarapyndan toparyň agzalaryna degişli güwänamalar gowşuryldy. Bu üstünlikler ýurdumyzda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, milli seýisçilik däplerini gorap saklamak we dünýä derejesinde ösdürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň wekilleriniň mynasyp gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle-de behişdi bedewlerimiziň bu halkara bäsleşikde ýokary netijeleri gazanmagy ugrunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ta-rapyndan toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda halkara derejeli çäreler yzygiderli dowam etdirilýär. Şol maksat bilen, Azerbaýjanyň Baku şäherinde, şeýle hem Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyran ýokary derejeli saparlarynyň çäklerinde hem türkmen atçylyk medeniýetini, milli mirasymyzy we atly diplomatiýanyň mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga gönükdirilen möhüm wakalar bolup geçdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna bolan saparlar munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmen atşynaslary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogaryň merjeni» atly halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň atçylyk sungatynyň baý däplerini mynasyp derejede görkezdiler hem-de abraýly baýraklara eýe boldular. Indi bolsa öňümizdäki aýda behişdi bedewlerimiziň ajaýyp gözelligi, ýyndamlygy we aýratyn häsiýetleri ýene-de bir gezek halkara muşdaklarynyň ünsüni özüne çeker.
Takyk ylmy hasaplamalaryň, döwrebap halkara tejribäniň islendik işde möhüm bolşy ýaly, ol atçylyk ylmynda hem aýratyn ähmiýetlidir. Şu jähetden, çempionatyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň maslahaty hem geçiriler. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan atşynaslardyr hünärmenler gatnaşyp, ahalteke tohumynyň geljekki ösüş ugurlaryny, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Häzirki wagtda bu assosiasiýanyň düzüminde 40-a golaý ýurduň wekilleriniň bolmagy ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki abraýynyň aýdyň görkezijisidir. Mundan başga-da, «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem geçiriler. Bu maslahatda alymlar, genetika hünärmenleri, weterinarlar we tejribeli atşynaslar arassa tohumlylygy goramak, ösdürip ýetişdirmek, iýmitlendirmek we sport taýýarlygy ýaly möhüm meseleler boýunça çykyş ederler.
Halkara çäreleriň iň täsirli pursatlarynyň biri bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen türkmen atçylyk sungatynyň ussatlygyny özünde jemleýän bu meşhur topar dünýä tomaşaçylarynyň uly gyzyklanmasyny döredýär. Häzirki wagtda toparyň agzalary ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Milli Liderimiziň ýakynda toparyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň halkara çärelere taýýarlygyň çägindäki türgenleşikleri, okuwlary, durmuş ýagdaýlary bilen gyzyklanmagy, söhbetdeş bolmagy bu ugurdaky işlere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nyşany boldy. Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamy bolsa ýeňişli menzillere badalgadyr.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Kronenberg şäherinde ilkinji gezek guralýan ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýä belli etmäge gönükdirilen uly mümkinçilikdir. Geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige wagyz etmek, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dabaralandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Halkara çäreleriň dowamynda ýörite media merkeziniň işlemegi, teleýaýlymlar, internet we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly giňişleýin maglumatlaryň ýaýradylmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan millionlarça adama türkmen be-dewleriniň gözelligi we milli medeniýetimiz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Hut şu günlerde halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýörite okuw maksatnamasy esasynda daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis we nemes dillerini bilýän meýletinçiler taýýarlanylýar. Okuwlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halka-ra gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tejribeli mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda agzalan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýär.
Görnüşi ýaly, asyrlaryň synagyndan geçen bedewler häzirki wagtda hem türkmen halkynyň ruhy güýjüni, gözellige bolan söýgüsini we beýik maksatlara bolan ynamyny alamatlandyrýar. Dünýä atçylygynyň altyn sahypalarynda özboluşly yz galdyran türkmen bedewleri indi täze eýýamyň belent sepgitlerine tarap ganat gerýär. Olaryň şöhratly ýoly bolsa türkmen halkynyň taryhy bilen bilelikde dowam edýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!».
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: «Biznes reklama» gazeti, 03.08.2026 ý.
Soňky täzelikler
18/08/2026
Halkara hukuk: umumy giňişlik, bitewi dünýä
14/08/2026
HAZARYŇ DOSTLUK MUKAMY DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR
10/08/2026
Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi