448
Dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça gazanan üstünligi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi
2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça gazanan üstünligi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny we hormatly Prezidentimiziň şa serpaýynyň gowşurylandygy barada hoşallyk sözleri aýdyldy. Onda dünýä çempionymyzyň gazanan bu üstünliginiň ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga uly goşant bolandygy bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, onuň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belentliklere götermek babatda alyp barýan netijeli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby