19/10/2026
52
DÖWLET MUZEÝINE GURALAN GEZELENÇ
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç guraldy.
Gezelenjiň dowamynda talyplar Türkmenistanyň taryhy we arheologiýa muzeýi, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi bölümlerine aýlanyp, türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyş boldular.
Şeýle gezelençleriň yzygiderli guralmagy türkmen diplomatiýasynyň geljekki wekilleri bolan talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň açylmagyna ýetirýän täsiri uludyr.
Ogulhajat NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby