Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
    21/03/2026

    42

    DOSTLUKLY SAPARA BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna, şeýle hem Milli Liderimiziň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynyň syýasy ähmiýetine bagyşlanyp, «Altyn asyr: Türkmenistan» hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynyň guramagynda brifing geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Brifingde çykyş edenler Türkmenistan bilen Hytaýyň dünýägaraýşynyň, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk meselelerinde maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň ýakyndygyny anyk mysallar arkaly düşündirip, bu boýunça öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
    Çykyşlarda nygtalşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişli bolup, häzirki wagtda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy, bu ýerde okuwlary ýokary derejede guramaga hytaýly hünärmenleriň ýakyndan ýardam berýändigi bellemäge mynasypdyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara gatnaşyklary boýunça geljekki hünärmenlere hytaý dili öwredilýär. Ýurdumyzyň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gepleşikleri dünýä boýunça 7 dilde ýaýlyma berlip, olaryň arasynda hytaý dili hem bar. Hytaýyň uniwersitetlerinde hem türkmen dilini öwrenmäge bolan gyzyklanma uly. Bu bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýär.
    Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Şu jähetden, brifinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynyň ýokary ähmiýetini bellediler.
    Brifingde talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli diplomatiýamyzy bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Aýşirin DÖWLETOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi surady

    21/03/2026

    Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi
    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI surady

    17/03/2026

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI
    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/03/2026

    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI