24/12/2025
47
Döredijilik duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň, “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazetiniň redaksiýasy, “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň döredijilik işgäri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň myhmany hökmünde “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory, ussat žurnalist, publisist, şahyr, Akmyrat Hojanyýazow gatnaşdy.
Myhman özüniň ençeme ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribeleri hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Ol söhbetleriniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işlerini, ata Watanymyzy taryplaýan goşgularyny okap berdi. Duşuşygyň barşynda institutyň talyplary halypa žurnaliste özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler we halypanyň sözlerine meşhur bolan aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda halypa şahyr, žurnalist Akmyrat Hojanyýazow döredijilik bilen meşgullanýan şeýle hem, institutymyzyň “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazeti bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýan we işjeň çykyş edýän talyplarymyza özüniň kitaplaryny sowgat berdi.
Ogulnar GARRYGULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik