30/11/-0001
576
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI, GALAMYŇYZ ÝITI, BAÝRAKLARYŇYZ GUTLY BOLSUN!
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde «SalamNews» internet saýtynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Ýaşlar — jemgyýetiň güli, ýaşlyk — ömrüň bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ähli ulgamlaryndan zehinli ýaşlar gatnaşdy.
Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşyp, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Mätgurban Mätgurbanow Baş baýraga, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby Akmuhammet Baýlyýew, şeýle hem institutymyzyň uly mugallymy Mähriban Gelenowa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!