536
DÖM-niň ýaş ilçileri okuw maslahatyny geçirdiler
2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri (S.Rahimow, M.Hojamyradow) tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagyny geçirdiler. Sapagyň dowamynda DÖM-niň ýaş ilçileri Durnukly ösüş maksatlary we olaryň arabaglanyşygy barada iňlis dilinde çykyş etmek bilen, dürli görnüşli oýunlaryň hem-de sowal-jogaplar arkaly Durnukly ösüşiň 6-njy maksady “Hemmeler üçin arassa suw we sanitariýa” boýunça düşündiriş işlerini geçdiler. Mälim bolşy ýaly, suw ýetmezçiligi bilen bagly meseläniň barha işjeňleşmegi bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 22-nji martynda suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmekde Halkara Onýyllygyň hereketleri maksatnamasyna badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, daglar, tokaýlar, batgalyk ýerler, derýalar we köller ýaly suw bilen baglanyşykly ekoulgamlary goramagyň we dikeltmegiň ähmiýeti, şeýle hem her bir raýatyň suw dolanşygyny rejeli peýdalanmak işine işjeň gatnaşmalydygy barada nygtaldy.