19/04/2023
1261
TÜRKMEN DIPLOMATYNYŇ HÜNÄR USSATLYGYNYŇ INÇE SYRLARYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde paýtagtymyzda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda Diplomatyň etikasyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna Türmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Bu treýningi myhmanhananyň direktory Hajymuhammet Seýidow alyp bardy.
Duşuşygyň dowamynda H.Seýidow talyplara diplomatik protokol, halkara etiketiniň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we daşary ýurtly myhmanlary garşylamagyň tertip-düzgünleri, kabul edişlikleri guramagyň usullary, köpçülik ýerlerinde we restoranlarda özüňi alyp barmagyň kadalary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi.
Halkara derejesinde bilim alýan talyplary häzirki zaman etikanyň we etiketiň düzgünleriniň esasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary baglanyşdyrmaga we halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary ýola gomak wezipesiniň uly paýyna eýe bolýan geljekki ýaş diplomatlara bu berlen okuw sapagynyň ähmiýeti örän uly.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar H.Seýidowa özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degişli jogaplary aldylar.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik