850
Diplomatiýada Rim hukugynyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy
2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow “Rim hukugy we onuň diplomatiýa täsiri” mowzugy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup, institutyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.
Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi Rim imperiýasynyň taryhy, Rim hukugy we onuň diplomatiýa ýetirýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berdi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçen okuw sapagyň barşynda Türkmenistan bilen Italiýa döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada talyp ýaşlara gürrüň berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
03/07/2024
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk06/03/2023
Hormatly myhman bilen duşuşyk22/02/2023
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk