03/05/2024
967
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň ilkinji tapgyry üstünlikli tamamlandy
2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini üstünlikli tamamlan ilkinji hünärmenlere ýörite şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýä işlerine diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we berkidilmegi boýunça kabul edilen wajyp çözgütleriň oňyn netijeleri berýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň hereket etmegi Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýöriteleşdirilen okuw merkezi şu ýylyň 18-nji fewralynda — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň, şeýle hem birnäçe ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
2024-nji ýylyň 1-nji martynda bolsa merkeziň gysga wagtlaýyn okuwlaryna badalga berildi. Ilkinji tapgyrda ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň okuwyny hünärmenleriň 15-si tamamlady. Oňa gatnaşyjylar iki aýyň dowamynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, milli diplomatik gullugyň wekilleriniň, halypa diplomatlarymyzyň ylmy hem-de köpýyllyk tejribä esaslanýan sapaklaryny geçdiler. Munuň özi parahatçylygy pugtalandyrmakda we ýüze çykýan meseleleri, gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň, ynanyşmagy berkitmegiň möhüm guraly hasaplanýan diplomatiýanyň häzirki zaman dünýäsinde möhüm orna eýedigini, şunuň bilen baglylykda bolsa, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär.
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň okuwyny üstünlikli tamamlan ilkinji hünärmenlere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýörite şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Gülnabat BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.