03/06/2024
618
DIPLOMATIK PROTOKOL - HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ITERIJI GÜÝÇ
2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Diplomatik protokol” atly täze okuw merkezi açyldy. Bu ýöriteleşdirilen okuw merkezi, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda gol çekilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda döredildi. Täze merkeziň esasy maksatlary, Türkmenistanyň ýaş diplomatik işgärlerini (DIM-iň merkezi edarasynyň we welaýatlardaky bölümleriniň), Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryny we Mejlisiniň deputatlaryny, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we beýleki merkezi dolandyryjy edaralarynyň işgärlerini we meýletinçiler toparlaryň agzalaryny diplomatik protokolyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda kabul edilen etiket kadalary bilen giňişleýin tanyşdyrmakdan we olarda bu kadalar bilen baglanyşykly başarnyklarydyr endikleri kemala getirmekden şeýle hem, bilim pudagynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edip biljek halkara ülňülerine laýyklykda ökde diplomatik işgärleri taýýarlamakdyr.
2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň gysga wagtlaýyn okuwlaryna badalga berildi. 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda bolsa bu okuw merkezini hünärmenleriň 15-si üstünlikli tamamlady we olara ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Tomusky tapgyrda hem diplomatik protokol Hökümet, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklary boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumy öwreniler. Protokolyň düzgünleri “halkara sypaýyçylyk” diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň hereket etmegi Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrýar.
Kerim BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.