24/11/2023
976
“Diplomatik gullukda habar – seljeriş - düşündiriş işi” temasy boýunça sapak geçirildi
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary üçin “Diplomatik gullukda habar – seljeriş - düşündiriş işi” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Sapagy Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Akmuradow alyp bardy.
Sapak 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi. Sapagyň dowamynda mugallym diplomatik gullukdaky maglumatlaryň, seljeriş we bilim çäreleriniň orny barada jikme-jik gürrüň berdi.
Netijede, talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler we olara giňişleýin jogap aldylar.
Süleýman GARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.