Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi
    21/04/2026

    442

    Dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi

    2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diller — dostluk çemeni» atly dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň güni bellenildi. Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan guralan çäreler ýaşlaryň dil bilimlerine bolan höwesini artdyrmakda, bu ugurda özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.
    Hepdeligiň dowamynda «Fransuz diliniň burçy» gurnalyp, institutyň 1-nji ýyl talyplary tarapyndan türkmen, arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus we ispan dillerinde Watan hakyndaky goşgular okaldy. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň türkmen we fransuz dillerinde ýerine ýetirilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň fransuzça terjimesiniň okalmagy dabaranyň mazmunyny baýlaşdyrdy.
    Häzirki wagtda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde fransuz diline hem aýratyn üns berilýär. Çünki fransuz dili BMG-niň we ÝUNESKO-nyň esasy dilleriniň biri hem-de halkara guramalarynyň birnäçesiniň resmi iş dili hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, dil hepdeliginiň dowamynda fransuz diline bagyşlanan ýörite sergi guralyp, onda fransuz dilindäki okuw kitaplary, talyplaryň taýýarlan diwar gazetleri, Gahryman Arkadagymyzyň fransuz diline terjime edilen kitaplary we Eýfel diňiniň maketi görkezildi.
    Hepdeligiň meýilnamasyna laýyklykda, Fransuz diliniň gününde talyplar tarapyndan dürli dillerde nakyllar, türkmen-fransuz gatnaşyklary we Fransiýanyň döwlet nyşanlary barada gyzykly prezentasiýalar hödürlendi. Mundan başga-da, Wiktor Gýugonyň goşgulary we Žan de Lafonteniň basnýalary esasynda taýýarlanylan sahnalar talyplaryň dil ukyplaryny we döredijilik zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Halkara Frankofoniýa guramasyna bagyşlanan wideogörkezişler we zehin bäsleşikleri talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesini has-da artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
    Jemläp aýdanyňda, «Diller — dostluk çemeni» atly dil hepdeliginiň çäklerinde Fransuz diliniň gününiň bellenilmegi talyplaryň diňe bir dil ukyplaryny kämilleşdirmän, eýsem, olaryň dünýä medeniýetine bolan garaýşynyň giňelmegine we türkmen-fransuz diplomatik gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmasynyň artmagyna uly ýardam edýär. Bu çäreler geljekki diplomatlarda medeniýetara düşünişmek ukybyny kemala getirmek bilen, fransuz diliniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekýär.

    Yslam GURBANMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    HALKARA HUKUKÇYLAR ÜÇIN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/05/2026

    HALKARA HUKUKÇYLAR ÜÇIN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi surady

    14/05/2026

    Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi
    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy surady

    14/05/2026

    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI