12/02/2025
756
“Dialog durnukly parahatçylygyň esasy hökmünde” atly tegelek stol maslahaty
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda “Dialog durnukly parahatçylygyň kepili hökmünde” atly sanly ulgam arkaly tegelek stol maslahaty geçirildi. Maslahata Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr, Katar döwletiniň premýer-ministriniň geňeşçisi we Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Majid bin Mohammed Al-Ansari, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy Nazar Meredow, şeýle hem institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Tegelek stol maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Katar döwletiniň alyp barýan syýasatlary we iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hem-de ylym-bilim ugurlary boýunça üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek barada gürrüň edildi.
Sähra ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.