27/04/2023
1731
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy agentliginde duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy agentliginiň (JICA) Merkezi, Gündogar Aziýa we Kawkaz ýurtlary müdirliginiň ýolbaşçysy Hirosawa Masaýukiniň hem-de Ynsanperwer ösüş we ýokary bilim müdirliginiň ýolbaşçysy, bu agentligiň ýokary okuw mekdepleri bilen işlemek boýunça bölüminiň başlygy Daýsuke Uýedanyň arasynda 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Tokio şäherinde geçirilen duşuşygyň barşynda akademiki hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow we iki tarapyň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň bilim ugruny ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garap geçdiler. Ýokary bilim pudagynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada işjeň pikir alyşmalar boldy. JICA-nyň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyny enjamlaşdyrmaga ýardam bermegi, maglumat tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk we ýapon tarapynyň gatnaşmagynda innowasion klasterini döretmek bilen bagly meselelere garamak teklip edildi. Talyplary alyşmak meselelerine hem aýratyn üns berildi. Degişli ugurlarda taraplar hyzmatdaşlygyň uly tejribesine eýedirler. Olar dogrusynda rektor J.Gurbangeldiýew öz sözünde aýratyn belläp geçdi. Bellenilişi ýaly, dürli ýyllarda Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy agentliginiň (JICA) guramagynda Ýaponiýada tanyşdyrylyş saparlarynda boldular we toplanan tejribäni institutyň okuw işine ornaşdyrdylar. Şeýle-de duşuşykda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilşine hem aýratyn üns berildi. Ýaşlaryň halkara gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň giňeldilmegi we Türkmenistanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy strategiýasyny durmuşa geçirmek ugrunda görülýän çäreler barada hem aýratyn durlup geçildi. JICA-da geçirilen täsirli duşuşyk iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy.