28/03/2024
1324
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýra goýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňüne tutulan esasy maksatlary we wezipeleri, şeýle hem internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Orazdurdy Abdyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýuristi Allamyrat Amandurdyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow, “Türkmentelekom” EAK-nyň Internet tehnologiýalar merkeziniň Programma üpjünçiligi döretmek we goldamak bölüminiň programmisti Annageldi Hydyrow dagylar gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak we kanunçylygy berjaý etmek maksady bilen ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, daşary ýurtlara gitmekligiň düzgünleri, sosial torlardan peýdalanmaklygyň düzgünleri, şeýle hem ýaşlarda millilik, gelin-gyzlaryň ahlak kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek, talyp ýaşlaryň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalarynyň öňüni almak dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işleriniň sakasynda duran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we ýaşlaryň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw etdiler.
Umyt ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy hünäriniň IV ýyl talyby.