25/01/2025
483
«ChatGPT», «Deep Learning», «Machine Learning», «Neural Network» esaslary barada okuw sapagy
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «ChatGPT», «Deep Learning», «Machine Learning», «Neural Network» esaslary barada okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna «Parlak ýyldyz» hojalyk jemgyýetiniň direktory Nurmuhammet Myradow we institutyň mugallymlary hem talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda Nurmuhammet Myradow häzirki zaman innowasion tehnologiýalar döwründe emeli aňyň ösüşi we kämilleşdirilişi, ykdysadyýetde we sanly ykdysadyýetde tutýan möhüm orny we onuň ähli ugurlarda, esasan hem, kompýuter ylymlarynda öňegidişliklere ýol açýandygy barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol öz çykyşynda «ChatGPT», «Deep Learning», «Machine Learning», «Neural Network» ýaly emeli aňyň esaslarynyň işleýşi, gurluşy, algoritmleri hem-de olaryň häzirki wagtda ylym-bilim giňişligine ýetirýän täsiri barada gyzykly maglumatlary talyplaryň dykgatyna ýetirdi.
Okuw sapagynyň ahyrynda emeli aň barada talyplar bilen sorag-jogap alşyldy.
Mahym KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.