24/12/2025
278
ÇEPER OKAÝYŞ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary boýunça çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda institutyň talyplary çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda talyplar türkmen bedewleriniň şöhratly ýollaryny, taryhyny, gelip çykyşyny, dünýä ýüzündäki belent şöhratyny wasp edýän eserler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyzyň bütin dünýäde ýurdumyza, halkymyza meşhurlyk getirýändikleri hem-de mizemez genji-hazynamyza öwrülen asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini saklan milli atçylyk sungatymyzyň häzirki döwürde täze röwüşde galkynýandygy barada bellediler.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Mamajan SÄHETLIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/01/2026
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
08/01/2026
Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri