455
Bütindünýä radio gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy
2021-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda her ýylyň 13-nji fewralynda bellenilip geçilýän “Bütindünýä radio güni” mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda institutyň mugallymlary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary ýurdumyzyň “Miras” we “Owaz” radioýaýlymlarynyň halypa işgärleri bilen duşuşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda geçirilen bu döredijilik duşuşygynda ýurdumyzyň radioýaýlymlarynda zähmet çekýän ussat žurnalistler öz baý tejribelerini talyplar bilen paýlaşdylar. Döredijilik duşuşygy talyplaryň okuwyna has yhlasly çemeleşmegine, döredijilikli zähmet çekmegine itergi berdi.
Duşuşygyň ahyrynda institutyň çäginde hereket edýän “Žurnalistiň sesi” atly radioýaýlymyň işini ýöredýän talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Döredijiik duşuşygyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.