1103
Talybymyzyň döredijilik üstünligi
2023-nji ýylyň 27-nji maýynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygy mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly, söz joş etgin diliňden» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 2 talyp özleriniň şahyrana eserleri, ýagny Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, şahyrana dünýäsini çeper wasp edýän şygyrlary bilen gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talybynyň Baş baýraga mynasyp bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Has takygy, bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbansähet Gurbansähedow Baş baýraga mynasyp bolmagy başardy. Biz hem talyp deň-duşumyza geljekde-de täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.