Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik
    25/10/2024

    1612

    BMG-niň döredilmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik

    2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda breýn-ring bäsleşigi geçirilip, oňa ähli fakultetleriň talyplary hem-de magistrleri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagy tarapyndan guraldy.
    Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 79 ýyl boldy. Bu abraýly gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Şoňa görä-de, ýokary guramaçylykly geçirilen bu bäsleşik halkara gatnaşyklarynda halkara hukugynyň ähli subýektleriniň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmakda, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orny eýeleýän Birleşen Milletler Guramasy we onuň işiniň esasy ugurlary boýunça talyp ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
    Bäsleşige «Diplomatiýa», «Ýurissiýa», «Kalkussiýa» we «Pressiýa» diýlip atlandyrylan döwletlerden ybarat bolan 4 topar gatnaşyp, her toparda talyplaryň we magistrleriň 8-si çykyş etdi. 4 şertden ybarat bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy bilen bagly soraglara jogap berdiler, dünýä döwletleriniň döwlet nyşanlaryny we paýtagtlaryny ýatdan bilmek hem-de aýry-aýry döwletleriň BMG bilen bagly daşary syýasatyna degişli soragnama jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Toparlaryň berlen waka bilen bagly halkara gatnaşyklaryň gatnaşyjysy hökmünde öz döwletleriniň ornuny giňişleýin beýan edip bilmekleri geljekki halkaraçy hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrdy.
    Ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Mekan SALYHOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    15/05/2026

    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Halklaryň arasyndaky ebedi dostluk: hytaý wekiliýeti bilen gül goýmak dabarasy geçirildi surady

    14/05/2026

    Halklaryň arasyndaky ebedi dostluk: hytaý wekiliýeti bilen gül goýmak dabarasy geçirildi
    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy surady

    14/05/2026

    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI