06/11/2026
35
BITARAPLYK ÝÖRELGELERINE WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen okuw-usuly seminar geçirildi. Seminara ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw-usuly seminarda institutyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň mugallymy Hemra Arazmyradow «Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: Bitaraplyk ýörelgeleriniň sebit durnuklylygyny üpjün etmekdäki orny» atly tema boýunça çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýratynlygy we öňüni alyş diplomatiýasynda onuň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Mundan başga-da, türkmen halkynyň taryhy-ruhy tejribesinde gapma-garşylyklaryň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni alyş serişdesi hökmünde bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň çuňňur kökleriniň bardygy barada nygtaldy.
Seminarda Milli Liderimiziň okuw sapagynda bellän parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek hakyndaky pikirleri barada giňişleýin gürrüň edilip, gyzykly sorag-jogap alyşmalar işjeň alnyp baryldy.
Begenç PÄLWANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
31/10/2026
SPORTUŇ WOLEÝBOL GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝARYŞ