20/12/2025
58
«Bitarap ýurtlaryň özara gatnaşyklary» atly sohbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Bitarap ýurtlaryň özara gatnaşyklary» atly sohbetdeşlik geçirildi. Bu çäre Bitarap derejeli ýurtlaryň halkara gatnaşyklarynda çykyş edýän orny we olaryň global hyzmatdaşlykda artykmaçlyklary hakda giňişleýin pikir alyşmak maksady bilen guraldy.
Institutymyzyň mugallymlary we talyplary söhbetdeşlikde işjeň gatnaşyp, çykyş etdiler. Olar Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde we halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde nähili ähmiýete eýe bolup biljekdigi barada öz pikirlerini paýlaşdylar.
Sohbetdeşlikde Bitaraplyk derejesindäki ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklarynyň ösüşi baradaky teklipler we pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Bitaraplyk ýörelgeleriniň häzirki zaman halkara syýasatyndaky orny barada birnäçe täze düşünjeler we maglumatlar gatnaşyjylara ýetirildi.
Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň uly mugallymy.