542
“Binagärlik we gurluşyk” ýylyna bagyşlanan maslahat
2021-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän döwletlerde 2021-nji ýylyň “Binagärlik we gurluşyk” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan gurnalan bu maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalarynyň aýratyn orun eýeleýändigini we gurluşyk pudagyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap geçdiler.
Maslahatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary binagärlik desgalarynyň gurluşygyna giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Bilbil BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby