Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat
    07/09/2023

    1652

    Arkadagymyzyň sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat

    2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly – Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, institutymyzyň talyp ýaşlary, professor-mugallymlary uly ruhubelentlik hem-de buýsanç bilen gatnaşdylar.

    Maslahat Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby boýunça taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Bu maslahaty institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew alyp bardy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, institutyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowanyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Sanly diplomatiýa bölüminiň başlygy A.Mommadowanyň, institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň II sekretary D.Çotbaýewiň, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy A.Jumagulyýewiň, institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 3-nji ýyl talyby, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçisi Ý.Egirjäýewanyň çykyşlary diňlenildi.

    Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagyna gatnaşan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlarynyň çykyşlaryna-da orun berildi. Olar şeýle beýik bagtyň miýesser edendigi üçin juwan kalbyndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagynyň döwürleri, nesilleri, köňülleri birleşdirýän hakyda sapagyna öwrülendigi aýratyn nygtaldy.

    Ählimize mälim bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagy ýaşlaryň ykbalynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň 2023-2024-nji, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, ýaş nesillerimiziň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

    Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar güneşli Diýarymyzy bagtyýar nesilleriň iň arzyly arzuwdyr islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI