23/10/2026
18
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Baýrammyrat Almyradowyň alyp barmagynda «Beýik Ýüpek ýoly– gadymy türkmen döwletleriniň parahatçylykly we hoşniýetli Bitaraplyk syýasatynyň mysaly hökmünde» atly tema bagyşlanan okuw-usuly seminar geçirildi.
Beýik Ýüpek ýoly iki sany beýik siwilizasiýanyň Günbataryň we Gündogaryň arasyndaky gepleşiklerde esasy wezipäni ýerine ýetirendigi, kerwen ýollary bilen diňe bir haryt däl, eýsem, ylym-bilim ýaýradylyp, medeni, ruhy gymmatlyklar, açyşlar, hojalygy dolandyrmagyň tejribesi alyş-çalyş edilendigi barada täsirli gürrüň berip, Beýik Ýüpek ýolunyň sebitara ekologiýany we abadançylygy pugtalandyrmakdaky wezipesini hem-de diplomatik gatnaşyklary, aýratyn-da, parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýetini aýdyňlaşdyrdylar.
Çykyşda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar.
Seminarda Milli Liderimiziň okuw sapagyndaky parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik barada öwüt-nesihatlary dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, gyzykly sorag-jogap alyşmalar esasynda işjeň alnyp baryldy.
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
3-nji ýyl talyby