22/02/2024
678
Beýik başlangyçlaryň binýady
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler kesgitlenilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmek we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly çuňňur mazmunly çykyşy halkymyzyň bagtly geljegine gönükdirilen işleriň ajaýyp beýany boldy. Şeýle hem mejlisde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz geçen ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri barada durup geçmek bilen: «2023-nji ýylda depginli ösýän döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlandy, şeýle hem onlarça halkara resminamalar kabul edildi» diýip nygtady. Hormatly Arkadagymyz taryhy çykyşyny: «Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz agzybirlik, asudalyk, abadançylyk ýoly bilen mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostluga we hyzmatdaşlyga açyk eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!» diýen sözler bilen jemledi.
Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyna ähli ýaş nesillerimiz bilen birlikde, geljekki halkaraçy hünärmenler — türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň bagtyýar talyplary hem «Watan» habarlar gepleşigi arkaly uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler. Bu taryhy çykyş berkarar Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň, şu günki işlerimiziň, ertirki maksatlarymyzyň manysyny özünde jemledi, ýaşlaryň maglumat goruny baýlaşdyrdy. Çünki Milli Liderimiziň öwüt-ündewleri ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk şamçyragdyr, üstünlige barýan ýoluň çelgisidir.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.