Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / BÄSLEŞIK YGLAN EDILÝÄR
    BÄSLEŞIK YGLAN EDILÝÄR surady
    14/09/2022

    942

    BÄSLEŞIK YGLAN EDILÝÄR

    Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň we “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň

    gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň,

    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda geçiriljek bäsleşigiň

    DÜZGÜNNAMASY

    Ýurdumyza Halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik beren şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň we “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary üçin bäsleşik yglan edýär.


    1) BÄSLEŞIGIŇ ESASY MAKSADY

    Bu bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň dürli ugurlaryndan okaýan talyplarynyň Türkmenistanyň kanunçylyk esaslary barada bolan düşünjesini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.


    2) BÄSLEŞIGIŇ GURNAÝJYSY

    Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň we “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda geçirilýär.


    3) BÄSLEŞIGE GATNAŞYJYLAR

    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary;

    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary;

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary.

    Bellik: Gatnaşyjylaryň arasynda deňagramlylygy saklamak maksady bilen, bäsleşige halkara hukugy we hukuk işi ugurlaryndan okaýan talyplar gatnaşdyrylmaýarlar.


    4) BÄSLEŞIGIŇ TAPGYRLARY, GEÇIRILIŞ TERTIBI, GATNAŞYJYLARY BELLIGE ALYŞ


    4.1) Bäsleşigiň tapgyrlary:

    Saýlama tapgyry;

    Ýarym final;

    Final.


    4.2)Geçiriliş tertibi:


    Saýlama tapgyry

    Bu tapgyrda bellige alnan gatnaşyjylaryň görkezen elektron salgysyna soragly ýumuşlar ugradylar. Olar berlen soraglara milli kanunçylygymyza salgylanyp,öz düşünjesini beýan edip, jogap ýazmaly. Her ýokary okuw jaýyndan 3 (üç) sany iň gowy jogap ýazan talyp indiki tapgyra geçmäge hukuk gazanýar.


    Ýarym final. Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslarynyň çäginde düzülen soraglara jogap bermek.

    Bu tapgyr Wiktorina oýny görnüşinde geçirilýär.Talyplar bije esasynda 3 topara bölünýärler.Her topar üçin aýratyn wiktorina oýny geçirilýär. Oýnuň dowamynda toparyň agzalary öz nobaty boýunça monitoryň ekranynda temasyna we kynlygyna görä utuklar bilen bellenen öýjüklerden birini saýlap, öýjükden çykan soraglara jogap bermeli. Her toparlaýyn oýnuň jemi boýunça iň köp utuk gazanan talyp Final oýnuna geçýär.


    Final. Wiktorina oýnunyň dowamy.

    Ýarym final tapgyrynyň ýeňijileri Finalda wiktorina oýnunyň giňeldilen görnüşinde öz arasynda bäsleşýärler.


    Gatnaşyjylary bellige alyş

    Gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar aşakda görkezilişi ýaly özi barada maglumaty tdimhgibasleshik@gmail.com elektron salgysyna document word görnüşinde 16.09.2022 ý. senesine çenli ugratmalydyr.

    Talybyň ady, familiýasy;

    Okaýan ýokary okuw jaýy;

    Fakulteti we ugry;

    Okaýan ýyly;

    Elektron salgysy;

    Habarlaşmak üçin telefon belgisi.


    5) BAÝRAKLAR

    Bäsleşigiň netijelerine görä, gatnaşyjylara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar berler.

    Final tapgyrynda 1-nji orny eýelän talyp geçirilen bäsleşigiň göçme kubogyny hem eýeleýär.


    6) BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILÝÄN ÝERI WE WAGTY

    Bäsleşigiň Ýarym final we Final tapgyrlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda geçirilýär.

    Saýlama tapgyryň soraglary 17.09.2022 ý. senesinde gatnaşyjylaryň görkezen elektron salgylaryna ugradylar.

    Gatnaşyjylar saýlama tapgyryň ýumuşlarynyň jogaplaryny 22.09.2022 ý. senesine çenli tdimhgibasleshik@gmail.com (iň soňky gün 21.09.2022 ý.) ugratmalydyrlar.

    Saýlama tapgyryndan üstünlikli geçen talyplaryň sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-sahypasynda 23.09.2022 ý. senesinde goýular.


    Ýarym final tapgyrynyň geçirilýän wagty - 24.09.2022 ý.


    Final tapgyrynyň geçirilýän wagty - 26.09.2022 ý.


    7) GOŞMAÇA ŞERTLER WE BELLIKLER

    Final tapgyryna çykan talyplar Ýarym finalda jemlän utuklary bilen bäsleşige başlaýarlar.

    Gatnaşyjyny bellige alyş elektron kagyzyny ugratmadyk talyplar bäsleşige gatnaşyp bilmeýärler.

    Bäsleşik RUS dilinde geçirilýär we Saýlama tapgyryň soraglarynyň jogaplary RUS dilinde ugradylmalydyr. Ýarym final we Final tapgyrlaryň dowamynda gatnaşyjylar berlen soraglara RUS ýa-da TÜRKMEN dilinde jogap berip bilerler.

    Düzgünnamada görkezilen senelerden soň edilen hereketler Gurnaýjy topar tarapyndan kabul edilemeýär.

    Bäsleşik barada goşmaça soraglar ýüze çykanda tdimhgibasleshik@gmail.com elektron salgysyna soragyňyzy ýollap bilersiňiz.


    Bäsleşigiň saýlama tapgyrynyň netijeleri

    Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçen talyplaryň sanawy:

    Medine Sopytaganowa. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniñ I ýyl talyby

    Perman Kyýasow. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň III ýyl talyby

    Mekan Muradow. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby

    Aýlar Atajykowa. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby

    Dilnoza Muhadowa. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby

    Arslankerim Kerimow. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI