23/10/2023
905
Arkadag şäheri – bagtyň hem geljegiň şäheri
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän “Arkadag şäheri hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyň kabul edilmegi bilen bagly institutyň ähli fakultetleriniň I ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde agzalan kanunyň mazmuny boýunça birnäçe soraglar taýýarlanyp, olara jogap bermek boýunça talyplar öz aralarynda bäsdeşdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça üstünlikli çykyş eden talyplara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hakykatdan hem, täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby