1013
Annagulyýewleriň şahsy maşgala sergisi açyldy
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň, Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, külal suratkeşleri — Baýram Annagulyýewiň 55 ýaşynyň, Gülbahar Annagulyýewanyň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy maşgala sergisi açyldy. Sergide Baýram Annagulyýewiň hem-de Gülbahar Annagulyýewanyň «Toý kerwenleri», «Tapyndylar», «Nar agajy», «Zemzen», «Zenan hudaýlary», «Aždarhalar», «Marguş» we başga-da, 150-den gowrak keramika işleri bu ýere gelen myhmanlara gözkezildi. Şeýle-de olaryň gyzlary — Jennet bilen Aýnanyň «Gülýaka şaý-sepleri», «Bedew şaý-sepleri», «Toýa taýýarlyk», «Guşlar» ýaly keramika hem-de akwarelde çekilen sungat eserleri sergilendi. Tebigatyň ösümlikdir haýwanat dünýäsine bagyşlanan keramika bu eserler awtorlaryň milli ruhy hem-de medeni gymmatlyklara aýawly çemeleşýändigine göz ýetirmäge uly mümkinçilik döredýär. Annagulyýewleriň şahsy maşgala sergisi 2 hepde dowam edýär.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenisatnyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
https://ashgabat.in/2023/05/04/nesilden-nesile-gecyan-sungat-daragty/