Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • «ЦА+1» в Самарканде: как регион ищет баланс между интеграцией и суверенитетом
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XXIV KÖPUGURLY HALKARA SERGI WE MASLAHAT
    “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XXIV KÖPUGURLY HALKARA SERGI WE MASLAHAT surady
    25/05/2025

    1762

    “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XXIV KÖPUGURLY HALKARA SERGI WE MASLAHAT

    2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy öz öndürýän önümleri, hödürleýän hyzmatlary bilen gatnaşdy.

    Sergä Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.

    Köpugurly çärede ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary hem ýerleşdirilipdir. Sergä Diýarymyzda hereket edýän hususy bilim merkezleri hem işjeň gatnaşdy. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri ýyladyş, sowadyş, elektrik ulgamlaryny çekmekde hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanyşdyrýar. Serginiň çäklerinde şäher ilatynyň gündelik durmuşda peydalanmagy üçin dünýäniň iri önüm öndürijileriniň iň täze awtoulaglarynyň gurluşyk we jemagat hojalygy pudagynda ulanylýan tehnikalaryň görkezilişi-de guraldy.

    Sergi meýdançasynda paýtagtymyz Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça ýokary depginde ösmegini dowam etdirýändigine, onuň işewürlik üçin uly mümkinçiliklere eýedigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Köpugurly halkara sergi öňdebaryjy şähergurluşyk konsepsiýalary bilen tanyşmaga, şäheriň özboluşly binagärligine baha bermäge, döwlet ederalarynyň, senagat pudagynyň, innowasion önümçiliginiň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly şertleri döredýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen çäreler baý mazmuny bilen tapawutlanyp, paýtagtymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.


    Seýitnepes GURBANMYRADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    23/10/2026

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik surady

    23/10/2026

    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik
    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE  BARÝAN ÝOL surady

    22/10/2026

    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI