sur

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda daşary ýurtlarda önümçilik tejribeliklerini geçen talyplaryň öwrenen täze zatlaryny paýlaşmak maksady bilen çäre geçirildi. Bu çärä institutymyzyň talyplary, professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, biziň institutymyzdan Türkiýe Respublikasyna Baýjanow Merdan, Kakabaýewa Aýbölek, Gandymow Adylmyrat, Eminowa Şahnoza, Gazagystan Respublikasyna Myradow Yhlas, Annageldiýew Merdan, Eýran Yslam Respublikasyna Lomanow Diýar, Geldinazarow Gurbannazar, Täjigistan Respublikasyna Rahmanowa Laçyn, Rematullaýewa Jemal, Azerbeýjan Respublikasyna Gurbanow Gurbanmämmet, Gyrgyzystan Respublikasyna Öräýewa Jahan dagylar gidip, öz bilim alýan hünärleri boýunça tejribeliklerini artdyrdylar, dünýägaraýyşlaryny giňeltdiler, nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde kämilleşdirdiler. Çäräniň dowamynda bu talyplar gyzykly gürrüňler we dürli prezentasiýalar arkaly talyp deň-duşlary bilen hünär tejribelerini paýlaşdylar.

Çäräniň ahyrynda çykyş eden ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize döwrebap bilim almaga, dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge döredilýän mümkinçilikler üçin talyp ýüreklerinden köp sagbolsun aýtdylar.


Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň III ýyl talyby.

Esasy görkezijiler
4
sany taýýarlygyň hünärmen ugurlary
4
sany taýýarlygyň bakalawr ugurlary
6
sany taýýarlygyň magistr ugurlary
398
sany hünärmen maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
103
sany bakalawr maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
54
sany magistr maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
57
sany mugallym