Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Mundan başga-da çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň  “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly pelsepesine esaslanýan, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygy aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy abadan durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Dürdäne NAZARGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.