Ýer gününe bagyşlanan onlaýn iş maslahaty

 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen onlaýn iş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan maslahata Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bäsleşiginiň ýeňijileri, Aşgabat şäheriniň 4-nji, 29-njy, 75-nji, 76-njy orta mekdepleriniň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji, 28-nji orta mekdepleriniň we Gökdepe etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

 Duşuşykda Ýer gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreler we amala aşyryljak geljekki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýaşlary ekologiýa arassaçylygyny gazanmaga, galyndylary, kagyzlary gaýtadan işlemäge höweslendirmek üçin mekdep okuwçylary bilen birnäçe interaktiw oýunlar gurnaldy.

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy

fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.