Ýeňijilerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys!

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda

Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň artisti Altyn Ýazgulyýewna Berdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gülälek Aşyrgeldiýewna Çopanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,


Habar 25.09.2021ý. senesinde www.turkmenistan.gov.tm saýtynda çap edildi

 https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/57327/turkmenistanyn-prezidentinin-karary-3#