Ýaşlary telekeçilige giňden çekmäge bagyşlanan maslahat

2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy, “Awtoýoly” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy  Jumamyrat Döwranow  çykyş edip, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdylar. Şeýle hem çykyş edenler ýakynda hormatly Prezidentimiziň telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek baradaky karara gol çekmegi önüm öndürijileri täze zähmet üstünliklerine has hem höweslendirdi diýip belläp, bu ulgamda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, brifing maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


Röwşen   MYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.