“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň täze 19-njy sany çapdan çykdy

Döwürleýin metbugata syn

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň her aýda iki gezek neşir edilýän “Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiniň 19-njy sany çapdan çykdy. Möçberi  7 sahypadan ybarat neşiriň 1-nji sahypasy şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitine bagyşlanypdyr.  Bu waka bilen baglanyşykda  “Syýasy teswir” rubrikasynyň astynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby Seýli  Aryşowyň  “Türki dünýäsine açylan täze penjire” atly makalasy ýerleşdirilip, onda  bu taryhy  sammite Türkmenistanyň synçy derejede gatnaşmagynyň  ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde öňe çykmagyny aňladýandygy  nygtalýar. Şeýle hem makalada 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň türki dilli halklaryň agzybirligini we doganlygyny berkitmekde ähmiýetiniň uludygy bellenilýär.

“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 2-nji sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Gaýgysyz Kerimowyň, Yhlas Atamyradowyň, Ajaýyp Nobatowanyň taýýarlan “Garaşsyzlygyň goşa kitaply goşa ganaty” atly syýasy söhbetdeşligi gazetimiziň baş redaktory, halypa  mugallymymyz, “Soýuz hem Garaşsyzlyk” kitabynyň awtory Täçgeldi Gutlyýew bilen guralypdyr. Gazetimiziň ozal çap edilen sanlarynda  (17,18) halypa  mugallymymyz bilen bolan gürrüňdeşlikde ganatly kitaplary okamagyň  4 görnüşiniň bardygy nygtalyp görkezilýärdi. Täze söhbetdeşlikde bolsa  ýoldaş mugallymymyzyň  kalp okalyşynyň taryhylaýyn ugry barada beren gyzykly gürrüňlerini okap bilersiňiz. Onda  mugallymymyzyň: “Referendum” diýlen düşünje “Görogly” eposynda Hüňkaryň kyrk müňler bilen ýow bolup gelip, Çandybiliň garaşsyzlygyny ýok etjek bolmagy bilen barabar nägehanlykdy” diýip, belläp geçmegi, kitabyň ähmiýeti, düýpli many-mazmuny barada   beýleki seljermeleýin pikirleri aýtmagy   çuňňurlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Bularyň hemmesi  “Soýuz hem Garaşsyzlyk” kitabynyň  türkmen halkyny Garaşsyz döwlet bolmaga çagyran manifest görnüşli ylmy-publisistik eser bolup durýandygynyň  aýdyň subutnamasydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda okalyşyň 3-nji seljermeleýin we  4-nji filosofiýalaýyn  görnüşleriniň  ähmiýeti we aýratynlyklary açylyp görkezilýär.

Şeýle hem gazetimiziň 3-nji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Mähriban Gandymowanyň “Ekologiýa babatda täze başlangyçlar” atly makalasy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy maslahatyna bagyşlanypdyr. “Syýasy-ekologik teswir” rubrikasynda  ýerleşdirilen makalada  Türkmenistanyň “Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda” täze Kanunynyň kabul edilendigi we bu ugurda ýurdumyzyň halkara  guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürjekdigi  nygtalýar.

Neşiriň 4-nji sahypasynda    “BMG-niň halkara günleri” rubrikasynyň astynda institutymyzyň talyplarynyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan makalalary ýerleşdirilipdir.  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň iňlis dilindäki “The world’s famous channel” atly  makalasynda  dünýäniň meşhur ýaýlymlaryyň  biri bolan “BBC NEWS” ýaýlymynyň  döreýiş taryhy we ösüş ýoly barada gyzykly maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu sahypada institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Jennet Myradowanyň ÝUNESKO-nyň esaslandyrylan gününe bagyşlap, iňlis dilinde ýazan “The UNESCO day” atly maglumatlara baý makalasyny okap bilersiňiz. Institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Aýgül Meredowanyň rus dilinde taýýarlan “Всемирный день науки за мир и развитие” atly makalasynda   her ýylyň 10-njy noýabrynda bellenilýän bu sene bilen baglanyşykly geçirilýän   çäreleriň belli bir meselä  bagyşlanylýandygy aýdylyp, bu ugurda 2021-nji ýylyň mowzugynyň “Построить сообщество, готовые к изменению климата” diýlip, atlandyrylandygy görkezilýär.

“Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiň 5-nji sahypasynda “Türkmenistan halkara media giňişliklerinde”, “ Dünýä täzelikleri” atly rubrikalaryň astynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Sona Halykowanyň we Annaberdi Kaşaňowyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan habarlary bilen tanşyp bilersiňiz.

Gazetimiziň 6-njy sahypasynda “Сотрудничество с международными организациями” rubrikasynda ýerleşdirilen institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Tatýana Döwletowanyň “Туркменистан–ООН:sотрудничество во имя достижения общих созидательных целей” atly makalasy ýurdumyzyň bu  gurama bilen alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr.  Onda awtor: “Туркменистан неизменно выступает сторонником повышения роли ООН в целях создания прочной основы для безконфликтного развития мира” diýip belleýär we  bu ugurda Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny  nygtap geçýär. Şeýle hem bu sahypada Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Gülrüh Geldiýewanyň “Parahatçylygyň ýaş çapary bolasyňyz gelýärmi?!” atly makalasy okyjylara hödürlenipdir.  Institutymyzyň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew we bäsleşige gatnaşyjy okuwçy gyz  bilen guralan  söhbetdeşlikde “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiñ tapgyrlary barada aýdylyp geçilýär.

Gazetimiziň 7-nji sahypasynda ''Şygryýet älemi'' rubrikasynda  “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory, şahyr  Seýitmyrat Geldiýewiň söýgi temasynda ýazan “Aşyk ýigidiň haty” we “Sen nirede?” atly goşgularyny okap bilersiňiz.  Şeýle hem bu sahypada ''Garaşsyzlyk, Bitaraplyk–ösüşiň goşa ganaty'' atly bäsleşigiň laureatlarynyň makalalary'' rubrikasynyň astynda  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby,  bäsleşigiň ýeňijileriniň biri  Gunça  Hamedowanyň “At üstünde älem gezýän Baýdagymyz” atly  makalasy ýerleşdirilip, onda mukaddes ýaşyl Baýdagymyz wasp edilýär.

Gazetiň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň internet saýtynda www.iirmfa.edu.tm salgysynda  okap bilersiňiz. E-@mail: diplomatyn.sesi@mail.ru.


Maral KARLYÝEWA,

Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň

  I ýyl talyby.