BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNI

Her ýylyň 19-njy awgustynda Bütindünýä fotosurat güni bellenilýär. Bu sene 2009-njy ýylda Awstraliýaly fotosuratçy Korske Aranyň teklibi bilen tassyklandy. Şeýle hem 1839-njy ýylyň 9-njy awgustynda fransuz himigi Lui Daggeriň ýagtylyga duýgur plastinka şekili geçirmek usulyny oýlap tapmagy netijesinde fotosurat peýda bolýar. Bu wakadan 10 gün soň, şol ýylyň 19-njy awgustynda täze açyş Fransiýanyň hökümeti tarapyndan resmi taýdan yglan edilýär.

Öňki döwürlerde surata düşmek üýtgeşik we gaýtalanmajak jady hasaplanýarka fotosuratçylara ýalňyşlyk goýbermek mümkin däldi. Fotosuratyň taýýar bolmagyna adamlar garaşýardy, olary çap etmek bir günden gowrak wagt alýardy we diňe fotosurat studiýasynda surata düşmek mümkinçiligi bardy. Häzirki wagtda surata düşürmek adaty bir zat hasaplanýar we agyr zähmet talap etmeýär. Düwmä bir gezek bassaň, surat taýýar. Köp gezek surata düşürip, iň gowusyny saýlap bolýar. Fotosurat oýlap tapylandan 30 ýyldan gowrak wagt geçensoň, Şotlandiýaly fizik Jeýms Makswell dünýäde ilkinji gezek reňkli fotosurata düşürip, uly üstünlik gazanmagy başardy. 1981-nji ýylda bolsa «Sony» kompaniýasy sanly kameralary oýlap tapdy, bu surat sungatynyň ýokary derejede ösmegine itergi berdi.

Häzirki döwürde surata düşmek «düwmäniň basylmagy bilen» wakanyň dogry we ygtybarly bolmagyndan zyýada has ýokary sungata öwrüldi. Ajaýyp, döwrebap surata düşmek üçin çylşyrymly enjam bolan kameranyň ähli tehniki we döredijilik mümkinçiliklerini bilmeli. Şeýle hem dogry yşyklandyryşy, surata düşmek üçin belli bir ýagdaýy, reňki saýlap, «Photoshop» ýaly programmalarda fotosuratlaryň üstünde işlemegi başarmaly.

Bütindünýä fotosurat gününi belleýänler surata düşürmek, düşmek bilen bagly gyzykly çäreleri guraýarlar. Çünki fotosuratlar adamlara ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary peşgeş berýär. Mundan başga-da, bu gün dürli fotosuratçylardyr fotosurat studiýalary surat sergilerini hem guraýarlar. Köp ýurtlarda ussat fotosuratçylaryň okuw sapaklary, dürli maslahatlar we fleş-moblar geçirilýär.

Gözel EMINOWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara 

 žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.