BÜTINDÜNÝÄ YNSANPERWERLIK KÖMEGINIŇ GÜNI

2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy esasynda, 19-njy awgust “Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni” diýlip yglan edilýär.

    Birleşen Milletler Guramasy bu senäni halkara günleriniň  senenamasyna  girizmek bilenbütindünýäde ynsanperwerlik kömek çäreleri barada dünýä jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak wezipesini öňde goýdy. Mundan başga-da, onuň döredilmegi ynsanperwerlik ugrundaky  halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini ýada salýar we bu ugurda işlän we işini dowam etdirýän her bir adama hormat goýýar.

        Her ýyl millionlarça adamlar betbagtçylyklar zerarly uly ejir çekýärler. Bu günüň bellenilmegi, şeýle ýagdaýlaryň aradan aýrylmagyna ýardam bermekde uly ähmiýete eýedir. Ynsanperwerlik kömegini berýän işgärler her gün dürli ýurtlarda ýüze çykýan howpy we kynçylyklary ýeňip, uruşda we tebigy betbagtçylykda ejir çeken millionlarça adamlara kömek edýärler.

         Hünärmenleriň pikirine görä, soňky onýyllyklarda ynsanperwer jemgyýetiň tebigy ýa-da adam faktorlary sebäpli ýüze çykýan dürli betbagtçylyklara çalt we täsirli jogap bermek, şeýle hem olara garaşmak ukyby ep-esli ýokarlandy. Bu esasan ynsanperwerlik kömegini bermek ugrunda işlemegi saýlap alan müňlerçe adamyň yhlasly işi sebäpli bolup geçdi. Islendik adam ynsanperwerlik kömeginiň işçisi bolup biler.

         Bütindünýä ynsanperwerlik gününde dürli maglumat we bilim çäreleri geçirilýär. Bu gün dünýä jemgyýetçiligi başgalaryny halas edip, öz janlaryny pida eden adamlara hormat goýmak  üçin, olary ýada salýar. Olardan 2003-nji ýylyň 19-njy awgustynda BMG-nyň Bagdatdaky baş edarasynyň partlamasynda aradan çykan  BMG-niň resmi wekili Serjio Wieýra de Mello. Bu gynançly wakanyň hormatyna 19-njy awgust Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni hökmünde saýlandy.




Şahnoza EMINOWA,

                                          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

                                          Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

 hukugy fakultetiniň talyby.