BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI

 Aň-bilimi, durmuşyň ähli ugurlaryny şöhlelendirmegiň, ýaýratmagyň iň möhüm serişdesi we ygtybarly usuly bolan kitabyň goralyp saklanmagyny göz öňünde tutup, 1996-njy ýylyň 23-nji aprelinde ilkinji gezek Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni bellenildi. Bu senäni bellemeklik hakyndaky çözgüt ÝUNESKO-nyň 1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda geçiren 28-nji sessiýasynyň Rezolýusiýasy esasynda kabul edildi.

 Mundan öň hem kitap gününi bellän birnäçe ýurtlar we guramalar bar. 1926-njy ýylda Ispaniýanyň koroly Alfonso XIII Ispaniýada kitap gününi bellemek barada Karara gol çekýär. Käbir jedellerden soň bu güni 23-nji aprelde – Migel de Serwantesiň aradan çykan senesinde bellemeklik karar edilýär. Taryhçylaryň pikirine görä, ýazyjy aslynda 22-nji aprelde aradan çykýar, ýöne şol döwrüň däp-dessurlaryna görä onuň jaýlanyş senesi – 23-nji aprelde bolup geçýär. Barselonada şol gün Kataloniýanyň howandary Keramatly Jorjuň hormatyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyga gabat gelýär. Şol gün ýurduň kitap satyjylary uly kitap ýarmarkasyny guraýarlar. 1931-nji ýyldan başlap hut şol ýerde kitap satyn alan adama gül sowgat bermek däbi galýar.

 Birleşen Milletler Guramasynyň internet sahypasynda görkezilişi ýaly, bu güni 23-nji aprelde bellemeklik dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleri Migel de Serwantesiň, William Şekspiriň, Inka Garsilaso de la Weganyň aradan çykan gününi ýatda saklamaklygyň hormatyna saýlanyldy.

 2000-nji ýyldan bäri ÝUNESKO we üç sany esasy kitap pudagyna wekilçilik edýän halkara guramalar – neşirýatçylar, kitap satyjylar we kitaphanalar her ýyl şäherleriň birine Bütindünýä kitap paýtagty diýen hormatly ady dakýarlar.

 

Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.