Wideoaragatnaşyk arkaly okuw-maslahaty geçirildi

2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda Hazar deňzi institutynyň edara binasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna - Halkara Ummanlar Instituty bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we geljegi” atly wideoaragatnaşyk arkaly okuw-maslahaty geçirildi.

Bu okuw maslahatyna Hazar deňzi institutynyň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara Ummanlar institutynyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky, Malta Respublikasyndaky, Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky, Gonduras Respublikasyndaky hem-de Albaniýa Respublikasyndaky wekilleri gatnaşdyrlar. 

Maslahata gatnaşyjylar esasan hem Hazar gepleşikleriniň taryhy ähmiýeti, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen täze Hazaryň ekologiýa maksatnamasy, Milli deňiz ylmy-bilim merkezini döretmegiň meseleleri, VI Hazar Sammitine görülýän taýýarlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugry bolan Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijesinde kabul edilýän resminamalaryň durmuşa geçirmek işleriniň Halkara deňiz hukugy okuw dersiniň meýilnamasynda şöhlelenmegi, Hazar deňzinde deňiz ylmy gözlegleri kämilleşdirmegiň meselelerini ýokarlandyrmak, Halkara deňiz konwensiýalary we olaryň Hazar deňzine degişlilikde ulanylyşy, Halkara Ummanlar instituty - 1972-2022-nji ýyllarda ummany durnukly dolandyrmak üçin elli ýylllyk işi hem-de halkara hukuk nukdaýnazaryndan Hazar deňzinde nawigasiýa taraplary barada çykyşlar edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Halkara Ummanlar instituty bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Institutyň mugallymlary hem-de talyplary bu halkara guramasynyň gurnamagynda geçirilýän okuw-maslahatlara, seminarlara we onlaýn duşuşyklara gatnaşyp, bu ugurda öz bilimlerini we tejribelerini kämilleşdirýärler.

                                                                  Merjen GURBANNAZAROWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň 

 uly mugallymy.