Üstünliklere beslenen okuw ýyly

2022-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-2022-nji okuw ýylynyň deslapky jemlerini jemlemek boýunça dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçy düzümi, professor mugallymlary, talyp ýaşlary şeýle-de «Gujurly nesil» okuw merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda bütin okuw ýyly boýunça halkara hem-de döwlet olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolan talyplara, şeýle-de ýurdumyzda geçirilen jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülikleýin çärelerde işjeňlik görkezen ýaşlara ýokary okuw mekdebiniň Diplomlary, Hormat hatlary we institutyň hyzmatdaş hemaýatkärleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary döredilen ajaýyp şertlerden netijeli peýdalanmak bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä döwletleriniň abraýly bilim ojaklarynyň talyplarynyň arasynda geçirilýän dürli görnüşli halkara bäsleşiklerine, internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Tamamlanyp barýan okuw ýylynda institutyň talyplary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 3 sany altyn, 1 sany kümüş, 2 sany bürünç medala mynasyp boldular. Halkara we döwlet derejesinde geçirilen bäsleşikleriniň netijeleri boýunça institutda okaýan talyplaryň 8-si 1-nji orna, 15-si 2-nji orna, 19-si 3-nji orna mynasyp bolup, ýylyň dowamynda jemi 42 diploma eýe bolmagy başardylar.  Olaryň arasynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça geçirilen I halkara internet olimpiadasynda, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen iňlis dili boýunça açyk internet olimpiadasynda, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen “Maglumat tehnologiýalary bilim, ylym, saglyk ulgamlarynda” atly taslama bäsleşiginde, Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ykdysadyýet dersi boýunça geçirilen olimpiadasynda, , Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen 8-nji Demirgazyk ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasyndaky matematika boýunça olimpiadasynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen II açyk halkara matematika olimpiadasynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen matematika dersi boýunça internet olimpiadasynda  degişli baýrakly orunlara mynasyp boldular.  

Bagtyýar talyp ýaşlar özleri üçin döredilýän şeýle ajaýyp şertler üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.  


Miwe NABATOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!