Geljekki ýaş meýletinçileriň okuw sapagy

2021-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Bu okuw maslahatyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekili alyp bardy. Ol ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, ata-babalardan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde ýaş meýletinçileriň wezipeleri barada täsirli çykyş etdi. Onuň çykyşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.


Dünýägözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.