«MERJEN ŞÄHER – AŞGABAT» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

 2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli «Merjen şäher – Aşgabat» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky  Baş arhiw müdirliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasy hem-de institutyň Jemgyýetçilik guramalary we Türkmenistanyň Ministrler  Kabinetiniň ýanyndaky  Baş arhiw müdirligi bilen bilelikde gurnaldy.

 Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Baş arhiw müdirliginiň guramagyndaky sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda paýtagtymyzyň taryhyndan söz açýan suratlaryň ençemesi ýerleşdirildi. Şeýle-de Aşgabat şäherimiz barada dokumental film görkezildi. Duşuşykda institutyň talyplary iňlis we fransuz dillerinde çykyşlary hem-de paýtagtymyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary oýardy.

Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby