Türkmen-rus işewürlik maslahaty

2023-nji ýylyñ 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň Söwda senagat edarasynda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Bu işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýanyň işewür toparlarynyň we guramalarynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirildi. Maslahatyň çäginde iki ýurduñ işewürleriniñ gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür geňeşleriniň bilelikdäki we telekeçileriň pudaklaýyn ýygnaklary boldy. Maslahat iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky transport, logistika, senagat, bilim we beýleki ugurlary boýunça rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň mowzuklaryna bagyşlandy. Nobatdaky geçirilen bu maslahat iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.


Kerim JUMABAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler

ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.