Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşlerde bolşy ýaly, syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk özgertmelerini amala aşyrmakda-da uly ähmiýete eýe taryhy seneleriniň biri hem 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygydyr. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede maslahatlar geçirilýär. Şeýle maslahatlaryň biri-de 2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň gurnamagynda  hem geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymlary Begmyrat Ataýew, Amanmyrat Myradow, Meýlis Nepesow, Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy  Miwe Nabatowa, Dünyä dilleri kafedrasynyň  mugallymlary Maýa Ataýewa, Nazar Niýazow, şeýle-de Sport klubynyň ýokary derejeli türgenleşdiriji mugallymy Mergen Mämmetjumaýewe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk biletleri gowşuryldy.

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen ähli halkymyzy gutladylar we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


Perhat ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň

 uly mugallymy, ilkinji partiýa guramasynyň başlygy.