“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň iň gowy internet web saýty” atly bäsleşik

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geneşi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň Düzgünnamasynda görkezilen maksatlar ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşysy bolan paytagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiki ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçiligine açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek, häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, şeýle hem soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygyny uly buysanç bilen dünýa jemgyýetine ýetirmekden ybarat boldy.

 Ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigiň jemleri 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda jemlendi. Bäsleşigiň jemleri boýunça I orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm web saýty mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geneşi tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.


Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

 II ýyl talyby.