«Türkmenistan – dünýä syýasy giňişligindäki parlak ýyldyz» atly halypa diplomatyň okuw sapagy

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen halypa diplomatyň umumy okuw sapagy geçirildi. «Türkmenistan – dünýä syýasy giňişligindäki parlak ýyldyz» ady bilen geçirilen okuw sapagy institutymyzyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, halypa diplomat  Begenç Karaýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu okuw sapagynyň esasy meselesi diplomatiýada esasy serişde bolup, diliň hyzmat edýändigi barada boldy. Onuň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmakda edilýän ilkinji ädimdigi talyplara ýetirildi. Talyplar okuw sapagynyň dowamynda özlerine gerek bolan maglumatlary belläp aldylar.

Okuw sapagynyň jeminde talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny halypa diplomata berdiler we eden täsirli çykyşy üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.


Batyr ESENOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary 

fakultetiniň  I ýyl talyby,

 «Paýhas we parasat» gurnagynyň agzasy.