Türkmenistan dünýä arenasynda ýa-da Garaşsyzlygyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazananlary

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

1991-nji ýylyň altyn güýzi asyrlarboýy erkinligi arzuwlan türkmen halky üçin ajaýyp döwür hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. 27-nji oktýabrda dünýä kartasynda Türkmenistan diýen özbaşdak respublika döredi. Türkmenistan SSSR-iň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky" Konstitusiýa  kabul edildi we şonuň  esasynda Türkmenistan SSSR-iň serhetleriniň çäklerinde Garaşsyz demokratik döwlet diýlip yglan edildi. Şol kanunda şeýle diýilýär: "Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýokary maksatlaryň — türkmen halkynyň hakyky milli döwletliligine eýe bolmagynyň, milli, jynsy, sosial gelip çykyşyna we dini ynanjynyň tapawudyna garamazdan her bir adama Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, adam hukugynyň Ählumumy jarnamasynda we beýleki halkara hukuk düzgünlerinde göz öňünde tutulan hukuklary we erkinlikleri üpjün etmegiň, kanunyň ileri tutulýan ynsanperwer demokratik jemgyýetini gurmagyň hatyrasyna yglan edilýär". [1]

 Özygtyýarlygyň, döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagy hem ýurduň, hem halkyň öňünde täze we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň we maksatlaryň içinde has möhümi bolsa dünýä arenasynda özüňi ykrar etdirmekden ybaratdyr. Bu babatda Türkmenistan dostlukly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk sýýasatyny garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap iş ýüzünde amala aşyrdy. Muny biz 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen delillendirip bileris. Şeýle-de biziň ýurdumyzyň bilen diplomatik gatnaşyklary açan ilkinji döwletleriň hatarynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasyny (10.01.1992), Daniýa Soltanlygyny (21.01.1992), Beýik Britaniýanyň Birleşen Karollygy we Demirgazyk Irlandiýany (23.01.1992) görkezip bileris. 1992-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa  Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa Karollygy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýanyň Soltanlygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy bilen hem diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.

1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna  kabul edilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmeginde we berkemeginde möhüm ädim boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan sebitleýin we bütindünýä derejesinde öz wezipelerini amala aşyrmagynda BMG-niň esasy strategiki hyzmatdaşyna öwrüldi. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe düzüm birlikleriniň hem agzasy bolup durýar. Häzirki günlerde biziň ýurdumyz BMG-niň 13 geňeşiniň, bölümleriniň we toparlarynyň düzümine girýär, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek babatdaky bütindünýä hereketine işjeň gatnaşýar.Olardan UNICEF, UNESCO, UNEP we beýlekileri mysal hökmünde getirmek bolar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde şol döwürde bu Gurama girýän 185 ýurt "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň" ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berdiler. 2007-nji ýylda bolsa Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy BMG-niň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysalydyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäde dostluga esaslanýan diplomatik gatnaşyklaryny has-da giňeltdi, şonuň bilen bir hatarda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary işleýär. Ýurduň içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 diplomatik wekillikleri we 13 sany halkara guramalarynyň wekillikleri bar. Bu günki gün Türkmenistan 47 halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň agzasydyr.

Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatda gazanan üstünlikleri barada  durup geçmek bilen, bu barada,  hususan-da, şeýle diýdi: "Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün, her bir aý we her bir ýyl özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady  we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata – Watanymyzyň  durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe  barýandygyny, halkara abraýynyň  gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi". [2]

Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda hem biziň ýurdumyz syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli konstruktiw teklipler toplumyny taýýarlady. Onuň açylyşynyň öňüsyrasynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde guramanyň agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan kabul etmegi bilen, Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy — "2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly Jarnama kabul edildi. 73 ýurt onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 11—12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, bu halkara guramasynyň resmi dillerinde neşir edildi. [3]

Taryh üçin köp bolmadyk 30 ýylyň dowamynda Garaşyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasy Konsepsiýanyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň kepilidir.

Sona HALYKOWA, 

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.