Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugry – suw diplomatiýasy

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara  jemagat hukugy ugrunyň magistranty Ogulnur Şöhradowa “Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugry – suw diplomatiýasy” atly tema bilen diňleýjileriň öňünde söhbet sapagyny geçdi.

Söhbet sapagyň gün tertibinde suw bilen bagly meseleleri çözmekde dünýä ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek, suwdan rejeli peýdalanmada uzak möhletleýin strategiýalary işläp taýýarlamak boýunça meseleler orun aldy. Türkmen diplomatiýasynyň öňünde duran wezipelere toplumlaýyn esasda çemeleşýän hormatly Prezidentimiz suw meselesini Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda suw diplomatiýasy ugry boýunça başlangyjy öňe sürdi. Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak hem-de Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler ýurdumyzyň suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň esaslarydyr.

Bu okuw sapagynda suw diplomatiýasyna gyzyklanma bildirýän ähli taraplar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de goňşy döwletler bilen bilelikde iş alyp barmak, uzak geljege gönükdirilen iri taslamalary amala aşyrmak, taryhy we tebigy-geografik aýratynlyklary sebäpli, Merkezi Aziýa sebitinde suw bilen, aýratyn-da, serhetüsti suwlary dolandyrmak bilen bagly meseleler, suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy sebit döwletleriň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna we halkara abadançylygyna täsirini ýetirýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.


Ogulnur  ŞÖHRADOWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara 

  jemagat hukugy ugrunyň magistranty.